
7.6K
ATDaşary Ýurtda Okaýan Talyplar Üçin “Bilgi Guwanamasy” Näme we Ol Näme Üçin Gerek? 📄✈️
Daşary ýurtda okaýan talyplaryň iň köp soraýan we käwagt aeroportda kynçylyk çekýän meselesi: Bilgi guwanamasy! 🎓🇹🇲
Eger siz hem daşary ýurtda okaýan bolsaňyz, Türkmenistana gidip-geleniňizde migrasiýa gullugy tarapyndan soralýan bu resminama barada bulara üns beriň:
✅ Bilgi guwanamasy näme?
Bu resminama, siziň daşary ýurtda okaýandygyňyzy we munuň Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanandygyny görkezýän resmi kagyzdyr.
✈️ Näme üçin gerek?
Aeroportda migrasiýa gullugyndan bökdençsiz geçmek üçin bu resminama hökmanydyr. Ol bolmasa, serhetden geçmekde kynçylyk döräp biler.
📍 Nireden almaly?
Öz ýaşaýan şäheriňiziň ýa-da etrabyňyzyň Bilim Bölüminden (Bilim edarasyndan) alyp bilersiňiz.
Dostlaryňyz bilen paýlaşmagy we soraglaryňyz bolsa teswirlerde ýazmagy unutmaň! 👇
@atasa__tkm










